Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynyň orta mekdeplerinde okaýan körpelere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterler gowşuryldy

17:1823.12.2020
0
5269

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan birinji synp mekdep okuwçylaryna Täze ýyl sowgady hökmünde kompýuterleri gowşurmak mynasybetli geçirilen dabaralar egsilmez ruhubelentlige beslendi. Ahal welaýatyndaky orta mekdepleriň 230-synda hem bu dabaralaryň guramaçylykly geçmegi we ýaş nesil üçin ýatda galyjy bolmagy ugrunda tagalla edildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

2020-2021-nji okuw ýylynda welaýatyň çägindäki orta mekdeplere 6 ýaşly çagalaryň 23 müň 137-si gadam basdy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle-de Aýazbabadyr Garpamyk bilim ojaklarynda bolup, 1-nji synp okuwçylaryny gutlamak bilen, olara iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler hem-de Türkmenistanyň Prezidentimiziň Täze ýyl sowgatlaryny — täze kompýuterleri ruhubelentlik bilen gowşurdylar.

Şeýle dabaralaryň Aşgabat şäheriniň orta mekdeplerinde hem bolandygyny habar beripdik. Täze ýyl baýramyna çenli ýurduň beýleki welaýatlarynda hem birinji synp okuwçylara döwrebap noutbuklar gowşurylar. Olaryň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynda öndürilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň