Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly telekeçi aýakgaplaryň dabanynyň önümçiligini ýola goýdy

00:3023.12.2020
0
19284

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Handy Gurbanowyň kärhanasy dürli görnüşli aýakgaplar üçin dabanlaryň önümçiligini ele aldy ― diýip, birleşmäniň resmi saýty habar berýär.

Termoplastik poliuretandan taýýarlanylýan täze önüm maýyşgaklygy, sowuga çydamlylygy, berkligi bilen tapawutlanýar. Şeýle daban ýeňil, berk bolup, ýörelende gowy amortizasiýa eýedir, şeýle hem ol typmaýar. Bu bolsa gyş möwsüminde has-da derwaýysdyr.

Aýakgabyň bu möhüm bölegi telekeçi tarapyndan özüniň kärhanasynda ulanylýar, şeýle hem kärdeşleriniň – aýakgap senagatynyň işçileriniň sargytlary boýunça ýerlenilýär.

Telekeçi Gurbanow dürli ülňüdäki we möwsümler üçin niýetlenilen erkek, zenan we çaga aýakgaplaryny aýratynlykda tikmek boýunça bölümini 2019-njy ýylyň ortalarynda açdy. Türkiýeden, şeýle hem ýerli öndürijilerden satyn alynýan hakyky gön önümçilik üçin çig mal bolup hyzmat edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň