Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

23:4422.12.2020
0
4297

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly žurnalyň 4-nji sany çapdan çykdy.

Daşary işler ministrliginiň jemgyýetçilik-syýasy neşirinde milletiň Lideriniň degişli çykyşlary, şeýle hem döwlet işgärleriniň, ýurtlaryň Baştutanlarynyň, halkara guramalarynyň we olaryň düzüm bölekleriniň ýolbaşçylarynyň, belli daşary ýurt diplomatlarynyň, abraýly bilermenleriň we beýleki esasy hünärmenleriň çykyşlarynyň üsti bilen Türkmenistanda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berilýär.

Neşiriň täze sany Türkmenistanyň Prezidentiniň 30-njy oktýabrda Seul şäherinde geçirilen Demirgazyk ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumyna gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesi bilen açylýar.

Žurnalyň bu sany “Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara syýasy işjeňligi” diýen bölümi bilen dowam etdirilýär, onda milletiň Lideriniň oktýabr-noýabr aýlarynda ýokary wezipeli kärdeşleri – Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistanyň, Hindistanyň, Owganystanyň Prezidentleri, Malaýziýanyň Premýer-ministri hem-de Katar Döwletiniň Emiri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň gysgaça mazmuny beýan edilýär.

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň 4-nji sanynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesi baradaky makalalara aýratyn orun berilýär. Bu bölümde görnükli syýasy işgärleriň şanly sene mynasybetli döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen gutlaglary, şeýle hem makalalary we çykyşlary ýerleşdirilýär.

“Türkmenistanyň diplomatik durmuşynyň wakalary” atly uly göwrümli bölümde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde alnyp barylýan işler beýan edilýär.

Türkmenistan dünýä syýasatynyň, halkara gatnaşyklarynda ählumumy we strategiki häsiýetli wezipeleri çözmek işlerine mynasyp goşant goşmaga çalyşýar. Şonuň üçin hem “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnaly diňe bir ugurdaş hünärmenlere däl-de, ozaly bilen, giň okyjylar köpçüligine, halkara-bilermenler bileleşigine, şeýle hem dünýä giňişliginde ýurdumyz bilen gyzyklanýanlaryň ählisine niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň