Soňky habarlar

Arhiw

Putin Russiýanyň eks-prezidentleriniň eldegrilmesizlik hukugyny uzaldýan kanuna gol çekdi

19:0222.12.2020
0
5489

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýurduň eks-prezidentleriniň eldegrilmesizlik hukugyny uzaldýan kanuna gol çekdi we kabul etdi.

Russiýanyň Hökümetiniň kanunçylyk namalaryny goýýan web sahypasynda ýerleşdirilen täze kanuna görä, Russiýanyň eks-prezidentleriniň we olaryň maşgalalarynyň eldegrilmesizlik hukuklary uzaldyldy.

Täze kanuna laýyklykda, Russiýanyň eks-prezidentleri döwlet baştutany wezipesini eýelän döwründe we ondan soňky döwürde eden etmişleri üçin hasaba alnyp bilinmez.

Eldegrilmesizlik hukugy ýaşaýyş jaýyny we edara binasyny, ulag we aragatnaşyk serişdelerini, şahsy resminamalaryny, emlägini we hat alyşmalaryny  öz içine alýar.

Täze kabul edilen bu kanuna görä, Russiýanyň eks-prezidentleriniň eldegrilmesizlik hukugy Dumanyň dönüklik aýyplamasy esasynda ýa-da Ýokary Kazyýet tarapyndan Federasiýa Geňeşiniň karary bilen tassyklanan agyr jenaýatlar sebäpli aýrylyp bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň