«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-de netijeli durmuşa geçirilýär

10:5921.12.2020
0
12417

22-nji dekabrda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegine 3 ýyl dolýar. Bu Konsepsiýany durmuşa ornaşdyrmak boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem birnäçe işler alnyp barylýar ― diýip, «Nesil» gazeti habar berýär.

Daşary ýurt dillerini okatmak boýunça täze tehnologiýalary okuw işinde giňden ulanmak we yzygiderli kämilleşdirmek meselesi Konsepsiýanyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň biridir. Şeýlelikde, institutyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen teleköprüler yzygiderli ýagdaýda guralýar. Täze tehnologiýalary okuw işinde giňden peýdalanmak maksady bilen, institutymyzda ýörite bilim portaly döredildi, onuň üsti bilen ýokary okuw mekdepleriniň özara baglanyşygy ýola goýuldy. Institutda elektron kitaphananyň işi ýola goýlup, onuň gory elektron okuw kitaplary, gollanmalar, dersler boýunça okuw-usuly toplumlar, wideo we audio materiallar, beýleki didaktik materiallar bilen baýlaşdyrylýar. Bu ugurda taýýarlanan elektron materiallar bilim portaly arkaly ýurdumyzyň beýleki ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaýradylýar.

Ýeri gelende bellesek, institutda şu ýylyň özünde türkmençe-iňlisçe, rusça-türkmençe ýörite elektron sözlükler taýýarlanyldy. Şeýle hem häzirki wagtda türkmençe-arapça elektron sözlügiň üstünde işlenilýär. Bulardan başga-da, daşary ýurt sözlerini dogry okamak zerur bolup durýar. Şu zerurlygy göz öňünde tutup, institutyň professor-mugallymlarydyr talyplary tarapyndan kompýuter, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk adalgalarynyň iňlisçe-türkmençe, türkmençe-iňlisçe düşündirişli elektron sözlügine, 4 müňe golaý sözden ybarat bolan lukmançylyk adalgalarynyň iňlisçe-türkmençe elektron sözlügine ýörite ses berildi.

Konsepsiýanyň esasy maksadynyň daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmekdigini göz öňünde tutup, institutda bu ugurdaky dürli okuw mekdepleriniň maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň yzygiderli ýagdaýda üsti ýetirilýär. Muňa mysal edip, diňe şu institutda hünärmenleri taýýarlamagyň iki, ýagny bakalawr we magistr basgançakly bilim maksatnamasyna tapgyrlaýyn geçmek ugrunda işleriň dowam etdirilýändigini aýdyp bileris. Şu ýyl bu ýokary okuw mekdebinde italýan dili hünäri hem açyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň