Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplara ÝUNFPA-da tejribelik geçmek mümkinçiligi berilýär

21:2119.12.2020
0
16153

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (ÝUNFPA) talyplary ýa-da ýokary okuw mekdeplerini soňky ýyllarda tamamlan uçurymlary tejribe geçmäge çagyrýar.

Dalaşgärler gaznanyň işleýiş usulyny öwrenmek bilen, dünýä belli guramada işlemek tejribesini gazanarlar.

Tejribelik üçin dalaşgärler bäsleşik esasynda saýlanýar.

Dalaşgärlerden soňky bir ýylyň içindäki dowamly okuwy barada maglumat we iňlis dilinde ýazmak, fransuz, ispan ýa-da arap dillerinde erkin gürlemek talap edilýär.

Tejribelik bilen bagly çykdajylary talyplaryň özleri ýa-da olara hemaýatkärlik edýän tarap çekmeli.

Talyplar ýaşaýyş, syýahat we beýleki zerurlyklar bilen bagly meseleleri hem özleri çözmeli bolar.

Şeýle hem olar saglyk ätiýaçlandyrmasy bilen üpjün edilen bolmaly.

ÝUNFPA tejribelik üçin olara hak tölemez, ýöne başga ýerden maliýe goldawyny almaýan bolsa, gündelik çykdajylary üçin belli bir mukdarda serişde berip biler.

Tejribelik geçmek üçin arzany 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli bermeli.

Jikme-jik maglumatlary guramanyň resmi saýtyndan alyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň