Soňky habarlar

Arhiw

«Ulsan Hýonde» ― AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2020-niň ýeňijisi

20:5319.12.2020
0
5267

Koreýa Respublikasynyň «Ulsan Hýonde» futbol topary Eýranyň «Persepolisini» 2;1 hasabynda ýeňip, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşygy Kataryň El-Wakra şäherindäki «Al-Janub» stadionynda geçirildi.

«Persepolis» 45-nji minutda Mehdi Abdi Garanyň geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsa, koreý toparynyň braziliýaly futbolçysy Žunior Negaonyň 45+4-nji we 55-nji minutlardaky dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde arzyly Kuboga eýe bolup bilmedi.

Şeýlelikde, Ulsan şäheriniň topary yklymyň birinji derejeli ýaryşynyň Kubogyna taryhynda ikinji gezek mynasyp boldy. Topar mundan öň 2012-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň çempiony bolupdy. Geçen ýyl bu ýaryşda Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» toparynyň çempion bolandygyny hem habar beripdik.

«Ulsan Hýonde» 2021-nji ýylyň 1 ― 11-nji fewraly aralygynda Katarda geçiriljek klublaýyn dünýä çempionatynda Aziýa yklymyna wekilçilik eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň