Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň ders bäsleşiklerine badalga berildi

20:3719.12.2020
0
15861

Däp bolşy ýaly, dekabr aýynda «Altyn asyryň Altyn zehinleri» ady bilen mekdep ders olimpiadalaryna badalga berilýär, onuň nobatdaky tapgyry 2020-2021-nji okuw ýylynda başlandy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär.

Meselem, 18-nji dekabrda paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň ählisinde ilkinji aň-paýhas bäsleşikleri başlandy, olarda okuwçylar öz zehin-başarnygyny, iň esasy-da mekdep derslerini düýpli bilýändiklerini görkezerler.

Okuw dersleriniň ondan gowragy boýunça olimpiadalar geçiriler. Olara iňlis, ru dilini we edebiýatyny, matematikany, fizikany, biologiýany, geografiýany, taryhy hem-de beýleki mekdep derslerini suwara bilýänler gatnaşarlar.

Himiýany, informatikany, fizikany, biologiýany we matematikany çuňlaşdyryp öwredýän ýörüteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylary ady agzalan derslerde aýratyn topar bolup çykyş ederler.

Olimpiadalar dört tapgyrda geçiriler. Mekdepde geçirilýän birinji tapgyra 6-11-nji synp okuwçylary gatnaşarlar. Indiki ýylyň ýanwar we mart aýlarynda geçiriljek etrap bäsleşiklerinde 7-11-nji synp okuwçylary güýç synanşarlar. Paýtagtymyzdan we ýurduň welaýatlaryndan 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda üçünji tapgyr bäsleşikleri 2021-nji ýylyň fewralynda we martynda geçiriler. Soňky, dördünji döwlet tapgyry 10-11-nji synp okuwçylary üçin indiki ýylyň aprelinde bolar.

Geçen ýyldaky «Altyn asyryň Altyn zehinleri» olimpiadalaryň ýeňijileri üçin artykmaçlyklar göz öňünde tutulan. Ýagny olimpiadanyň döwlet tapgyrynda 1-nji we 2-nji orny eýelän 11-nji synp okuwçylary deslapky tapgyrlara gatnaşmazdan degişli tapgra gatnaşdyrylýarlar. Şeýle hem geçen okuw ýylyndaky üçünji tapgyryň (paýtagt we welaýatlar) jemi boýunça 1-nji orun eýelän 11-nji synp okuwçylaryna-da şeýel ýeňillikler berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň