Gurban Berdiýew "Spartak" üçin gözlenilýän baş tälimçileriň arasynda iň mynasyby

13:0419.12.2020
0
10349

"Spartagyň" we SSSR-iň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Anzor Kawazaşwili tälimçi Gurban Berdiýewi Moskwanyň «Spartak» futbol klubunyň tälimçisi wezipesine iň gowy dalaşgär hasaplaýar.

“Berdiýew häzirki wagtda iň gowy dalaşgär. Ol öz adamymyz, rus futbolynyň ähli taraplaryny bilýär. Umuman aýdylanda, geçelgede «atlar çalşylmaýar». Eger häzir daşary ýurtly tälimçi ýa-da aşa meşhur biri gelen bolsady, topary täzeden gurup bilerdi, ýöne muňa wagty ýetmezdi. Berdiýew biziň futbolymyzy ýatdan bilýär, şonuň üçin ol "Spartak" üçin iň gowy dalaşgär. Onuň kömekçi hökmünde ýany bilen kimi getirjekdigi welin düýbünden başga bir söhbet"-diýip, Rusfootball neşiri Anzor Kawazaşwiliniň sözlerini getirýär.

Sankt-Peterburgda Russiýanyň çempionatynyň liderleriniň arasynda geçirilen 2020-nji ýylyň jemleýji oýnunda "Zenitden" 1:3 hasabynda ýeňlenden soň "Spartagyň" tälimçisi Domeniko Tedesko şertnamany uzaltmazlyk kararyny yglan etdi. Ol 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda "Spartagyň" baş tälimçisi bolupdy.
Häzir Moskwanyň kluby Russiýanyň premýer-ligasynda "Zenitden" soň ikinji ýerde durýar.
Gurban Berdiýew 2016/2017 möwsüminiň başynda Dmitriý Aleniçewiň ornuna  «Spartagyň» baş tälimçisi bellenip bilerdi, emma şertnama başa barmady. 68 ýaşly Gurban Berdiýewiň karýerasyndaky iň soňky oýun 2019-njy ýylyň 26-njy maýynda "Krasnodarda" geçirilen RPL-iň 2018/2019 30-njy tapgyrynyň duşuşygy boldy. Şonda "Rubin" ýer eýelerinden utuldy (1:0) we Russiýa çempionatynda 11-nji ýeri eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň