Ispaniýadan Türkmenistana getirilýän oba hojalyk önümleriniň mukdary 62 göterim artdy

11:3019.12.2020
0
14950

2020-nji ýylyň ýanwar ― sentýabr aýlarynda Ispaniýa Türkmenistana 241,8 tonna oba hojalyk önümlerini eksport etdi, bu 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 62 göterim köpdür. Bu barada «Trend» agentligi Ispaniýanyň Oba hojalyk ministrligine salgylanyp habar berdi.

Maglumatlara görä, kakaonyň eksporty 84% ýokarlanyp, 170,32 tonna, gök önümler we miweler - 36,4 göterim ösüp, 35,76 tonna, galla, un, krahmal we süýt önümleri 2,74 esse ýokarlanyp, 21 tonna ýetdi.

2020-nji ýylyň ýanwar ― awgust aýlarynda Türkmenistana Ispaniýanyň importynyň bahasy 8,9 million ýewro boldy.

Ispaniýa oba hojalygy önümlerinden daşary hem Türkemnistana daş önümleri, mebel we elektrik enjamlaryny eksport edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň