Soňky habarlar

Arhiw

Talyplaryň arasynda bilýardyň «Erkin piramida» görnüşi boýunça ýaryş geçirildi

23:4918.12.2020
0
5644

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bilýardyň «Erkin piramida» görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Final duşuşygynda ýerli institutyň talyby Batyr Geldiýew Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Süleýman Ilamanowy 5:1 hasabynda ýeňip, çempion boldy. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Ibragim Aşyrow bolsa üçünji orun ugrundaky duşuşykda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekili Geldimyrat Maksadowdan üstün çykdy.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, Bilýard federasiýasy tarapyndan hormat hatlarydyr medallar, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň