Türkmen-amerikan gatnaşyklary ýokary netijelere beslenýär

17:4318.12.2020
0
9293

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 17-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde milletiň Liderine yzygiderli esasda geçirilýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmeler barada hasabat berdi.

Şunda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklaryň şu görnüşiniň döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek maksady bilen, 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanandygy bellenildi.

15-nji dekabrda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly guralan geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryna badalga berlendigi barada hasabat berildi. Şu duşuşygyň gün tertibine ileri tutulýan ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleler girizildi.

Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa + ABŞ” we “Türkmenistan –Owganystan - ABŞ” görnüşleriň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti hem bellenildi.

Şular bilen bir hatarda, sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, çynlakaý wehimlere we howplara garşy göreşmek ýaly wajyp ugurlarda özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy. Ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagy hem-de owgan halkyna ynsanperwer kömek bermekde, Owganystany parahatçylykly ýol bilen täzeden dikeltmek baradaky meselelere aýratyn üns çekildi. Şu işlerde Türkmenistan yzygiderli ýagdaýda işjeň orny eýeleýär.

Şeýle hem geňeşmeleriň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ynsanperwer düzümi ara alnyp maslahatlaşyldy. Umumy kabul edilen halkara hukuk kadalarynyň esasynda adam hukuklaryny goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunda ýurtlaryň ikisi hem açyk gatnaşyklary goldaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselelere uly üns berýär.

Mundan başga-da, medeni mirasy gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy, ABŞ-nyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy bilen birlikde, bilim we medeniýet ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Hususan-da, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan arheologik gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin ylalaşygyň taslamasy taýýarlanyldy.

Amerikan instituty bilen hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu institut bilen bilelikde, Türkmenistanyň milli muzeýinde milli sungatymyzyň wirtual galereýasy döredildi we ol häzirki wagtda internet giňişliginde hereket edýär.

ABŞ-nyň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirilýär. Şunda emeli intellekt, biotehnologiýa we sanly kompýuter maksatnama üpjünçiligi ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynda ileri tutulýan meselelere, has takygy söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, amatly maýa goýum gurşawyny döretmäge, tehnologiýalar, innowasiýalar ýaly ulgamlarda we beýlekilerde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge degişli meselelere garalar.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada söwda we maýa goýumlary baradaky çarçuwaly Ylalaşygyň esasynda özara gatnaşyklara aýratyn üns berler. Mundan başga-da, daşky gurşawy goramak ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, 16-njy dekabrda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen “Türkmenistan - ABŞ” işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň netijeleri barada habar berdi. Şonda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem-de netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanyň hem-de Amerikanyň iri ugurdaş kompaniýalarynyň oba hojalyk toplumynyň, ykdysady we bank-maliýe toplumynyň, ýangyç-energetika ulgamynyň ýolbaşçylarynyň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri ýurdumyz bilen uzakmöhletleýin esasda özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen däp bolan dostlukly, oňyn gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, dürli ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň üstünlikli işlerini dowam etmek hem-de özara bähbitlere kybap gelýän türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de depginli ösdürmäge bar bolan mümkinçilikleri oňaýly derejede amala aşyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň