Soňky habarlar

Arhiw

Söwda toplumyna degişli 20 desga açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerine öwrüler

12:3118.12.2020
0
10005

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow 17-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky önümçilik kärhanalaryny tapgyrlaýyn paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek barada hasabat berdi.

Wise-premýer häzirki wagtda ministrligiň garamagynda jemi 157 kärhananyň bardygyny, olaryň iş ugurlarynyň, esasan, lomaý söwda hem-de ammarlarda sarp ediş gorlaryny saklamakdan, bölek söwda we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlaryny amala aşyrmakdan, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekden hem-de halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmekden ybaratdygyny belledi.

Döwlet Baştutanynyň Hökümetiň mejlisinde ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň sanawy seljerildi. Birinji tapgyrda kärhanalaryň özüniň hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýly gatnaşmagynda 20 desgany döwrebaplaşdyrmak hem-de açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany bu ugurdaky gaýragoýulmasyz wezipeleriň takyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň