Soňky habarlar

Arhiw

FIFA, «The Best ― 2020»: Ýurgen Klopp ― ýylyň iň gowy tälimçisi

10:4318.12.2020
0
3716

Angliýanyň «Liwerpul» futbol toparynyň baş tälimçisi Ýurgen Klopp FIFA tarapyndan «Ýylyň tälimçisi» diýlip yglan edildi.

Ol bu ugurdaky esasy bäsdeşleri Hans-Diter Flikden («Bawariýa») we Marselo Belsadan («Lids») üstün çykdy.

Bassyr ikinji ýyl iň gowy tälimçi hökmünde ykrar edilen Ýurgen Klopp şu ýyl «mersisaýdlar» bilen APL-da uzak garaşylan çempionlyga ýetdi. Şeýle hem «Liwerpul» Angliýanyň Naýbaşy kubogyny gazandy.

Ýurgen Klopp şu ýyl «Angliýada iň gowy tälimçi» diýlip hem yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň