Türkmenistan 2021-nji ýylda Alym-lukmanlaryň halkara forumyny geçirmegi teklip edýär

22:2416.12.2020
0
2474

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, 12-nji dekabrda geçirilen Halkara maslahatda türkmen Lideri 2021-nji ýylda Aşgabatda täze görnüşli ýokanç kesellere garşy göreş meseleleri boýunça Alym-lukmanlaryň halkara forumyny geçirmegi teklip edýändigini belledi.

Hormatly Prezident bu barda öz çykyşynda şeýle belleýär: «...Şeýle hem häzikri wagtda tutuş dünýäniň sezewar bolan täze çynlakaý wehimi barada aýtman bilmerin. Koronawirus pandemiýasy onlarça million adamyň saglygyna zeper ýetirmeginden hem-de gynansak-da, köpsanly adamlaryň ömür tanapyny kesmeginden başga-da, halkara gatnaşyklaryndaky ulgamlaýyn meseleleri ýüze çykardy.

Ilkinji nobatda, bu howpa garşy göreşde diňe bir tehniki taýdan däl-de, tagallalary birleşdirmäge hem taýýarlygyň ýokdugy aýan boldy. Şunda ynamyň we syýasy erkiň ýeterlik derejede däldigini ýene-de bellemek gerek. Bu ýokanç kesel ýaýrap başlan badyna Türkmenistan öz anyk we üýtgewsiz garaýyşyny beýan etdi: ähli döwletleriň jebisligini, raýdaşlygyny hem-de bu wehime garşy göreşde özara goldawyny jemlemek zerurdyr.

Anyk çäreler barada aýdylanda bolsa, ýurdumyz halkara ylmy diplomatiýanyň mümkinçiliklerini doly derejede herekete girizmek ugrunda çykyş edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki mejlisinde dürli ýurtlaryň lukmançylyk bileleşikleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur şertleriň döredilmegine, bilelikdäki işläp taýýarlamalaryň hem-de hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin maksatnamalarynyň höweslendirilmegine gönükdirilen anyk çäreleriň birnäçesini teklip etdi. Türkmenistan 2021-nji ýylda Aşgabatda täze görnüşli ýokanç kesellere garşy göreş meseleleri boýunça Alym-lukmanlaryň halkara forumyny geçirmegi teklip edýär».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň