Katar we Saud Arabystany 2030-nji hem-de 2034-nji ýyllardaky Aziýa oýunlaryny kabul ederler

21:0916.12.2020
0
5435

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasy Katar we Saud Arabystanyny degişlilikde 2030 we 2034-njy ýyllarda geçiriljek Tomusky Aziýa oýunlaryny kabul ediji döwletler hökmünde ykrar etdi. Bu barada Halkara Olimpiýa komitetinuň resmi saýtynda habar berildi. Bu karara şu gün AOG-niň Omanyň paýtagty Maskatda geçirilen mejlisinde aýdyldy.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 45 wekili Kataryň arzasyny goldap ses berdi. Döwlet bu sport baýramçylygyny taryhynda ikinji gezek geçirer. Mundan öň Doha Aziýa oýunlaryny 2006-njy ýylda hem geçiripdi.  

Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad bolsa yklymyň birinji derejelli sport baýramçylygyny taryhynda ilkinji gezek kabul eder.

Ýeri gelende aýtsak, gysgaça, «Aziada» diýlip atlandyrylýan Aziýa oýunlary 1951-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň