Şwesiýanyň Harby-howa güýçleri asmanda Täze ýyl arçasynyň şekilini emele getirdi

14:3316.12.2020
0
9163

Düýn Şwesiýanyň Harby howa güýçleri ýurduň Geteborg şäherinde uçup, mawy asmanyň ýüzünde arça agajynyň şekilini emele getirdiler. Uçarmanlar bu tomaşa gatnaşýan mahaly 14 sany Jas-39 Gripen görnüşli harby uçary bilen sagatda takmynan 500 km tizlikde uçdular we howada 1 sagat 20 minutlap arça agajynyň şekilindäki ýagdaýlaryny sakladylar.

Bu tomaşany ýurduň Harby howa güýçleri her ýyl dekabr aýynda Täze ýyl baýramçylygy golaýlanynda ýerine ýetirýärler. Skaraborg Harby howa flotunyň aragatnaşyk bölüminiň dolandyryjysy Jon Lidman bu barada belläp geçmeklik bilen, goranyş hereketiniň her ýylky Täze ýyl uçuşy bilen tanalýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol: “Täze ýyl ýakyn wagtda gelýär. Bu baýramçylyk mynasybetli 14 sany Jas-39 Gripen söweş uçary bilen mawy asmanyň ýüzünde arça agajynyň şekilini emele getirýäris.

Bu iş bir tarapdan Täze ýylyň gelýändiginiň yşaratyny alamatlandyrsa, beýleki tarapdan harby hünärmenler üçin uly bir türgenleşikdir.” – diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň