Soňky habarlar

Arhiw

UEFA-nyň Ýewropa ligasynda 1/16 finalyň bijeleri çekildi

23:3314.12.2020
1
6747

Şweýsariýanyň Nýon şäherinde futbol boýunça Ýewropa ligasynyň 1/16 finaly üçin bije çekilşik boldy. Bu barada şu gün Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşginiň (UEFA) resmi saýtynda habar berildi. Yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda 1/16 finalyň ilkinji duşuşyklary 18-nji, jogap duşuşyklary bolsa 24, 25-nji fewralda oýnalar. Bu tapgyra jemi 32 topar gatnaşýar.

Ýewropa ligasyna bije çekilşigiň netijeleri:

  • «Wolfsberg» (Awstriýa) — «Tottenhem Hotspur» (Angliýa)
  • «Dinamo» (Kiýew, Ukraina) — «Brýugge» (Belgiýa)
  • «Real Sosýedad» (Ispaniýa) — «Mançester Ýunaýted» (Angliýa)
  • «Benfika» (Portugaliýa) — «Arsenal» (Angliýa)
  • «Srwena Zwezda» (Serbiýa) — «Milan» (Italiýa)
  • «Antwerpon» (Belgiýa) — «Reýnjers» (Şotlandiýa)
  • «Slawiýa» (Çehiýa) — «Lester Siti» (Angliýa)
  • «Red Bull Zalsburg» (Awstriýa — «Wilýarreal» (Ispaniýa)
  • «Braga» (Portugaliýa) — «Roma» (Italiýa)
  • «Krasnodar» (Russiýa) — «Dinamo» (Zagreb, Horwatiýa)
  • «Ýang Boýz» (Şweýsariýa) — «Baýer» (Germaniýa)
  • «Molde» (Norwegiýa) — «Hoffenhaým» Germaniýa)
  • «Granada» (Ispaniýa) — «Napoli» (Italiýa)
  • «Makkabi» (Tel-Awiw, Ysraýyl) — «Şahtýor» (Ukraina)
  • «Lill» (Fransiýa) — «Aýaks» (Niderlandlar)
  • «Olimpiakos» (Gresiýa) — PSW (NIderlandy)

UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň utulan-çykdy tapgyrlary 2021-nji ýylyň 16-njy maýyna çenli dowam eder. Final duşuşygy bolsa 26-njy maýda Polşanyň Gdansk şäherinde geçiriler. Ispaniýanyň «Sewilýa» toparynyň bu ýaryşyň soňky çempionydygyny ýatladýarys. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň