Soňky habarlar

Arhiw

Şweýsariýa Ýewropaly syýahatçylary gyşky lyža dynç alyşyna gelmezlige çagyrýar

10:1514.12.2020
0
1019

Şweýsariýanyň içeri işler ministri Ýewropa ýurtlaryndan gelýän syýahatçylary “COVID-19” ýokanç sebäpli gyşda lyžada dynç almaga gelmezlige çagyrdy.

Şweýsariýanyň içeri işler ministri Alaýin Berset Ýewropa Bileleşigi  ýurtlaryndan gelen syýahatçylary täze görnüşli koronawirus epidemiýasy sebäpli “Täze ýyl” dynç alyş günlerinde  lyžada typmaga gelmezlige çagyrdy.

Düýn geçirilen metbugat ýygnagynda Berset: "Ýewropaly dostlarymyzy we goňşularymyzy şu möwsüm lyžada typmazlyga çagyrýarys" –diýip belledi. Şeýle hem, ol bu çagyryşyň Şweýsariýanyň raýatlary üçin hem güýjüniň bardygyny aýtdy.

Şweýsariýa hökümeti “COVID-19” çäreleriniň çäginde ertir güýje girjek birnäçe çäklendirmeleri girizdi: Restoranlary, barlary, dükanlary we bazarlary sagat 19:00-da ýapmagy buýurdy.

22-nji ýanwara çenli dowam edýän çäklendirmelerde diňe 5 adamlyk topara sport bilen meşgullanmaga rugsat berler.

Eger häzirki görkezmeler äsgerilmese hökümetiň çäklendirmeleri hasam berkitmäge taýýardygyny bellän içeri işler ministri, öz ýurdunda tutuş ilata sanjym etmek üçin ýeterlik sanjym dozalarynyň ýokdugyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň