Koreýa Respublikasynyň Prezidenti türkmen Liderini hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy bilen gutlady

22:0712.12.2020
0
5945

«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezreti­ňize we türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan edýärin» diýlip, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen Gutlagynda aýdylýar.

«Türkmenistanyň Bitaraplygy di­ňe bir içerki durnuklylyga we ösüşe däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylyga hem-de durnuklylyga ägirt uly goşant goşdy» diýip, «Türkmenistan» gazetinde çap edilen Gutlag şeýle sözler bilen dowam edýär:

«Siziň başlangyjy­ňyz boýunça geçen ýylda BMGniň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylykly ýol bilen ösýändigini aýdyň görkezýär.

Koreýa Respublikasynyň Kararnamanyň awtordaşlarynyň hataryna goşulandygyna örän şatdyryn. Biz geljek ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde ýatda galmagy üçin bilelikdäki tagallalary ederis.

Biziň ýurtlarymyz 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri dürli ulgamlarda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Hususan-da, geçen ýyl Siziň bilen bilelikde baryp gören Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy iki ýurduň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygyň nyşany bolup durýar. Biziň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň geljekde hem gi­ňeldilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Bu hyzmatdaşlyk Gyýanlydaky toplumyň ikinji we üçünji tapgyrlarynyň amala aşyrylmagyna ýardam eder.

Sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn. Size berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin! Mun Çže IN, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň