Soňky habarlar

Arhiw

Ärdogan Türkmenistanyň dünýäniň bähbidine alyp barýan işlerine ýokary baha berýär

16:5112.12.2020
0
27410

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli Prezident Berdimuhamedowa gutlag ýollady. Onda şeýle diýilýär:  

«Gadyrly doganlar!

Dostlar!

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllarda kabul eden Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalaryny ilkinjileriň hatarynda goldady.

Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty, parahatçylyk söýüjilik, özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine ygrarlylygy dünýäniň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär we biz bu özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyrys.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ägirt uly üstünlige eýe bolýandygyny bellemek gerek. Şol syýasat hemişelik Bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýar.

Aziýanyň ýüregi hasaplanylýan Türkmenistan Owganystanda parahatçylygy üpjün etmäge, ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga saldamly goşant goşýar. Biz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn we köp taraplaýyn görnüşde geçirilýän gepleşiklere işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berýäris.

Biz diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş dünýäniň bähbidine Türkmenistan bilen ulag, energetika, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, söwda ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýarys. Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynda beýan edilen maksatlara ýetmegiň bähbidine giňgerimli işleri amala aşyrýar.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň dostluk gatnaşyklary öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar hem-de deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar. Biz syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýäris. Ýokarda agzalan ugurlaryň hukuk binýadyny pugtalandyrýan ylalaşyklaryň 100-den gowragy gazanyldy. Dünýäde emele gelen ýagdaýyň ykdysadyýete edýän täsirine garamazdan, 2020-nji ýylyň9 aýynyň görkezijileri geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdirilende, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda dolanyşygy 118 göterim artdy.

Meniň gadyrly doganym — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden ajaýyp mümkinçilikleri netijesinde, türk kompaniýalary Türkmenistanyň ösüşine saldamly goşant goşýarlar.

Biziň hyzmatdaşlygymyz taryhyň, medeni kökleriň, diliň umumylygyna esaslanýar.

Türkmen we türk halklarynyň doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna, ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygymyza ynanýaryn.

Kärdeşim, gadyrly doganym, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Türkmenistanyň Baştutanyna we ähli türkmen halkyna özümiň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollaýaryn».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň