Soňky habarlar

Arhiw

Zelenskiý türkmen Bitaraplygynyň halkara syýasatynda möhüm ähmiýete eýedigini belledi

16:3312.12.2020
0
7910

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli Prezident Berdimuhamedowa gutlag ýollady. Onda şeýle diýilýär:

«Siziň Alyhezretiňiz!  Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ukrain halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan edýärin.  Türkmenistanyň 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen goldanan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy türkmen halkynyň durmuşynda we döwletiň halkara syýasatynda möhüm ädim boldy.  

Hemişelik Bitaraplyk strategiýasy Merkezi Aziýa sebitinde we tutuş dünýäde durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ygtybarly esasy döredýär. Bu möhüm işde Siziň şahsy tagallalaryňyza ýokary baha berýärin.  

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ylalaşyklylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin!»

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň