Putin Türkmenistanyň parahatçylykly syýasatyna Russiýada hormat goýulýandygyny belleýär

13:2812.12.2020
0
14083

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli Prezident Berdimuhamedowa gutlag ýollady. Onda şeýle diýilýär:

«Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Russiýa Siziň ýurduňyzyň durmuşa geçirýän, netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna hormat bilen garaýar.

Türkmenistan dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar, Merkezi Aziýada hem-de Hazar sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar.

Russiýa — Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygynyňmundan beýläk-de ösdürilmeginiň biziňdostlukly halklarymyzyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk hem-de döwlet işiňizde üstünlikler, Türkmenistanyňähli raýatlaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!»

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň