Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2078 raýatyň günäsi geçildi

21:2111.12.2020
0
22408

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli iş kesilen 2078 raýatyň we 4 sany daşary ýurtly raýatyň günäsi geçildi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün – 11-nji dekabrda geçirilen baýramçylyk mejlisinde däp bolşy ýaly, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň ýurdumyzyň esasy baýramynyň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow jenaýat edendikleri üçin iş kesilenleriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler hem-de degişli resminamalaryň taslamasynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, döwlet Baştutany hödürlenen taslama bilen tanşyp, degişli resminama gol çekdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň