Türkiýäniň Parlamentinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

11:3811.12.2020
0
7350

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Türkmen-Türk parlamentara dostluk topary tarapyndan bu ýurduň Mejlisinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi I.Amanlyýew, Türkiýäniň Mejlisiniň türkmen-türk dostluk toparynyň agzalary bolan deputatlar, Mejlisiň Protokol bölüminiň we daşary gatnaşyklar bölüminiň wekilleri, Ilçihananyň işgärleri we habar beriş serişdeleriniň  wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatynyň başynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ilçiniň giňişleýin çykyşy boldy. Çykyşda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, Bitaraplyk syýasatynyň taryhy we ähmiýeti, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly alyp barýan halkara işleri we hyzmatdaşlygy hakynda gürrüň berildi.

Maslahatda Türkiýäniň Parlamentiniň deputatlary Türkmenistanyň  Bitaraplygynyň 25 ýyllyk ýubileýi bilen gutladylar hem-de ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde netijeli halkara gural bolup hyzmat edýändigini belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň Parlamentiniň edara binasynyň öňünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik surata düşüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň