Soňky habarlar

Arhiw

Wise-premýer Ş.Durdylyýew wezipesine dolandy

23:1110.12.2020
0
14124

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew saglyk ýagdaýynyň kadalaşmagy bilen, öz wezipesini ýerine ýetirip başlady. Türkmenistanyň Prezidentiniň 10-njy dekabrda ýurduň gurluşyk we senagat toplumyna bagyşlap geçiren iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

«Türkmenportal» size Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýewiň ýürek keseli bilen bagly hassahana ýerleşendigi we onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmeklik Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezowyň üstüne ýüklenilendigini habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň