Howa maglumaty: Aşgabatda gar, Maryda açyk howa

17:4110.12.2020
0
32526

Aşgabatda irden sepelän garyň gije-de eremezligi ahmal. Garyň ýakynda ýene ýagmagy mümkin. Her niçik hem bolsa, sowuk we garly dekabr geçen ýyldaka meňzemeýär.

Maryda gowa açyk, 3 gradus maýyl. Garyň ysy gelse-de, ýagmak ähtimallygy pes. -13 gradusa çenli sowaýan Daşoguzda garly günler dowam eder. Balkan welaýatynda gündiz -2, gije -7 gradusa çenli sowuk bolsa-da, ýagyn ýagmagyna garaşylmaýar. Lebapda hepdäniň ahyrynda gar ýagmagyna garaşylýar. Howa gije -5 gradusa çenli sowar. Änewde paýtgatdaky ýaly azda-kände gar ýagar. Hepdäniň ahyrynda howa açylar. Aşgabatdaky gar ýekşenbe gününe çenli wagtal-wagtal dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň