Ýazguly Hojageldiýew 2020-nji ýylda Türkmenistanda iň gowy tälimçi diýlip yglan edildi

16:2210.12.2020
0
4601

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew 2020-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanda «Iň gowy tälimçi» diýlip yglan edildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Federasiýa tarapyndan geçirilen ses berlişige sport žurnalistleri we futbol toparlarynyň wekilleri gatnaşdy.

43 ýaşly Ýazguly Hojageldiýew şu ýyl «Altyn asyryň» başynda Türkmenistanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyny we Naýbaşy kubogyny gazandy. Oňa iň gowy tälimçä niýetlenen ýörite baýragy Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň baş kätibi Arslan Aýnazarow gowşurdy.

Ýazguly Hojageldiýewiň «Altyn asyr» bilen 2018-nji ýylda AFK-nyň kubogynyň finalyna çykandygyny hem ýatlamak gerek. Şeýle hem ol milli ýygyndymyzy 2012-nji ýylda AFK-nyň çagyryş kubogynyň finalyna alyp çykdy. Onuň ýolbaşçylygynda milli ýygyndymyz 15 ýyllyk arakesmeden soňra 2019-njy ýylda Aziýa kubogyna gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň