Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklaryny geçirmegiň Düzgünnamasy tassyklanyldy

12:4610.12.2020
0
3919

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktorynyň 2020-nji ýylyň 11-nji noýabrynda çykaran 166-iş belgili buýrugy bilen Türkmenistanyň atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklaryny geçirmegiň Düzgünnamasy tassyklanyldy.

Düzgünnamanyň binýadynda «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykaran 1739-njy Karary bilen tassyklanan, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi hakynda Düzgünnama ýatyr.

Şol Düzgünnamanyň bäşinji böleginiň 28-nji bendine laýyklykda, ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklaryny geçirmegi düzgünleşdirmek maksady bilen birleşigiň direktory atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklaryny geçirmegiň Düzgünnamasyny tassyklady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrliginde 1996-njy ýylyň 27-nji dekabrynda 107 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory tarapyndan 1996-njy ýylyň 27-nji dekabrynda tassyklanylan Türkmenistanyň aýlawlarynda ahal-teke we ýomut tohum atlaryny synagdan geçirmegiň Kadalary; 

Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrliginde 2000-nji ýylyň 7-nji aprelinde 236 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Türkmen atlary» döwlet birleșiginiň baş direktorynyň 1999-njy ýylyň 28-nji dekabrynda çykaran 63 belgili buýrugy güýjüni ýitiren diýlip hasap edildi.

Düzgünnama bilen şu salgy arkaly doly tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň