Türkmenistanyň Prezidentiniň rus dilinde neşir edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

23:5309.12.2020
0
5536

Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän halkara serginiň nobatdaky gününiň çäklerinde, Söwda-senagat edarasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan çärä Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik we döredijilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler türkmen döwletiniň Baştutanynyň häzirki şanly ýylda çapdan çykan täze eseriniň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksadyny özünde jemleýändigini nygtadylar.

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyň rus diline terjime edilmegi rus halkyna türkmen halkynyň baý medeni mirasy, asylly maksatlary hem-de ahlak ýörelgeleri bilen has-da ýakyndan tanyşmaga, öwrenilmegi, goralyp saklanylmagy we giňden wagyz edilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan milli däplere oňat düşünmäge mümkinçilik berer.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň abadançylygyna we rowaçlygyna, giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen köptaraply işlerinde täze, ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň