Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna 100 000 dollar meýletin goýumyny girizdi

21:3209.12.2020
0
4923

8-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna goýumlaryň yglan edilmegi boýunça ýokary derejeli çärede çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň we onuň Prezidentiniň tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan dünýä ýurtlaryna ynsanperwer kömeginiň berilmegi boýunça berk ygrarlylygyny tassyklady.

Hususan-da, ynsanperwerlik gymmatlyklaryna we adamkärçiligiň ýokary ýörelgelerine eýermek bilen Türkmenistan goňşy ýurtlaryna, şeýle-de ynsanperwer häsiýetli kynçylyklara sezewar bolan dünýäniň beýleki döwletlerine ençeme gezek ynsanperlik kömegini berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 2020-nji ýylda ýurt Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna 100 000 ABŞ dollary möçberinde özüniň meýletin goýumyny girizdi.

Türkmenistan 2021-nji ýylda hem bu Gazna nobatdaky goýumyny berjekdigi barada mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň