Aşgabatda çeper halyçylyk kärhanasy açyldy

11:1309.12.2020
0
9975

Düýn Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Täze binanyň açylyş dabarasyna “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

«Ruhabatgurluşyk» müdirliginiň gurluşykçylarynyň paýtagtymyzyň Kemine köçesiniň ugrunda bina eden Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Täze bina 1959-1960-njy ýyllarda gurlan iki gatly haly kärhanasynyň ornunda peýda boldy.

Iki gatly täze binanyň meýdany müňlerçe inedördül metre barabardyr. Toplumyň düzümine önümçilik binasy, çig mal serişdeleri hem-de taýýar önümler üçin niýetlenen ammar, birnäçe inženerçilik-tehniki we durmuş üpjünçilik önümçiligi desgalary girýär.

Merkezi binanyň birinji gatynda haly önümleriniň söwdasyny guraýan dükan ýerleşdirildi. Onuň ikinji gatynda muzeý, suratkeşleriň ussahanalary, maslahat zaly we edara ediş otaglary bar. Kärhanada sapaklary boýamak üçin niýetlenen barlaghana bar. Täze binanyň gurulmagy bilen 200 iş orny döredildi.

Bu ýerdäki muzeýde kärhananyň taryhy, meşhur önümleri, önümçilikde ulanylýan çig mallaryň nusgalary barada gürrüň berýän maglumatlar goýlupdyr. Bu ýerde gadymy haly önümleriniň nusgalary, dürli halyçalar, horjunlar, namazlyklar, torbalar, gapylyklar, çuwallar, haly dokamakda ulanylýan zähmet gurallary, gadymy halyşynaslyk däplerini baýlaşdyrýan halyçylaryň döwrebap işleri görkezilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli halyçylyk sungatyna bagyşlan many-mazmunly we owadan bezegli kitaplary bu ýerde möhüm orun eýeleýär.

Beýleki haly kärhanalarynda bolşy ýaly, täze kärhanada adaty nagyşly halylar bilen bir hatarda, dürli şekiller, portretler ýerleşdirilen halylara, sowgatlyk önümlere möhüm orun berler. Bu ýerde türkmen halylarynyň nusgawy görnüşleri dörediler.

Giň hem-de ýagty önümçilik desgalary ýyladyş, salkynladyş we ýelejirediş ulgamlary bilen enjamlaşdyryldy. Naharhana we beýleki durmuş maksatly desgalar işgärleriň hyzmatynda.

Dabaranyň dowamynda gurluşykda has tapawutlanan işgärlere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň