Türkmenistanyň Prezidenti: «Sanly ykdysadyýete geçmek wagty ýeten zerurlykdyr»

23:4208.12.2020
0
6287

Şu gün geçirilen iş maslahatynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew döwlet Baştutanyna degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynyň edaralary tarapyndan döwlet Baştutanynyň degişli Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça maksadalaýyk işler amala aşyrylýar.

Elektron täjirçilik we internet marketing, elektron resminama dolanyşygy, aralykdan multimediýa okuwlary hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge, ähli pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýän sanly telekommunikasiýa ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Munuň özi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmek üçin oňaýly şertleri döredýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgama geçmegiň wagty ýeten zerurlykdygyny hem-de ykdysadyýetde ähli işleri hil taýdan täze derejede guramaga we utgaşdyrmaga, pudaklarda bar bolan kuwwatdan has netijeli peýdalanmaga ýardam edýän täsirli guraldygyny nygtady.

Döwlet Baştutany bular barada aýtmak bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary, şol sanda telekommunikasiýa ulgamlaryny döretmek boýunça işleri dowam etmek barada görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň