Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň azerbaýjan dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.
Dabaraly çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýetip gelýän şanly sene - Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, Söwda-senagat edarasynda geçirilýän Halkara serginiň çäklerinde guraldy.
Tanyşdyryş çäresine Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary gatnaşdylar. Göni wideoaragatnaşyk arkaly olara Azerbaýjanyň belli ylym işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri goşuldylar.
Çykyşlarda milletiň Lideriniň nobatdaky ajaýyp filosofik-edebi işiniň türkmen halkynyň köpasyrlyk pähim-paýhasynyň özeni bolup durýandygy nygtaldy.
Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän şu baýramçylyk ýylynda çapdan çykan bu ajaýyp eser köpasyrlyk däp-dessurlaryň dowamatlylygynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Şol däpler bolsa türkmenistanlylaryň şu günki we geljekki nesilleri üçin ahlak ýol görkezijisi bolup durýar.
Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.