Italiýanyň «Eni» kompaniýasy Türkmenistanda nebit gorlary we sarp edilişi barada umumy maglumat berdi

13:1007.12.2020
0
15431

Italiýanyň «Eni» nebit-gaz kompaniýasy tarapyndan çap edilen «World Oil Review 2020» atly Bütindünýä nebit synyna görä, 2010-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň nebit gorlary 600 million barrele çenli durnuklylygyna galdy. Bu barada «Trend» habar berýär.

Synda Türkmenistanda nebit önümçiliginiň durnuksyzlygy hem görkezilýär. Ýurtda gündelik nebit önümçiligi 2015-nji ýylda  268 müň barrele, 2016-njy ýylda 247 müň barrele, 2017-nji ýylda 232 müň barrele, 2018-nji ýylda 219 müň barrele, 2019-njy ýylda 223 müň barrele barabar boldy. Şeýle hem synda ýurdumyzyň içinde nebit sarp edilişiniň ösüşi barada maglumat berilýär. Maglumata görä, 2015-nji ýylda Türkmenistanda nebit sarp edilişi bir günde 151 müň barrele, 2016-njy ýylda 149 müň barrele, 2017-nji ýylda 150 müň barrele, 2018-nji ýylda 157 müň barrele, 2019-njy ýylda 165 müň barrele barabar boldy.

Eni kompaniýasy synda Türkmenistanyň nebit we gaz pudagyny döwrebaplaşdyrmaklyga we diwersifikasiýalaşdyrmaklyga, uglewodorodlary çuňňur gaýtadan işlemegi üpjün edýän kärhanalara häzirki zaman enjamlaryň we  öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna köp maýa goýýandygyny belleýär.

Bularyň hemmesi, halkara kadalaryna we ülňülerine laýyk gelýän daşky gurşaw aýratynlyklary bilen ýokary hilli nebit önümleriniň we gaz-himiýa önümleriniň öndürilmegini üpjün etmäge we daşky gurşawa zyýanly zyňyndylaryň derejesini azaltmaga mümkinçilik berýär.

Syna görä, hapalaýjy zyňyndylaryň mukdaryny dolandyrmagyň häzirki zaman usullary, esasy nebit we gaz geçirijilerindäki syzmalary we boşluklary ýüze çykarmaklyk üçin awtomatiki ulgamlar, nebit ýataklarynda baglanyşykly gazlary netijeli peýdalanmaklyk we gaz paýlaýyş torlarynda önümçilik galyndylary Türkmenistanyň nebit we gaz pudagynda görülýän çäreler toplumyna girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň