Soňky habarlar

Arhiw

Yslamabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy

11:2607.12.2020
0
6091

Yslamabatdaky Marriott myhmanhanasynda «Bitaraplyk we parahatçylyk üçin sungat» atly surat sergisi açyldy bu barada neutrality.gov.tm habar berýär  .

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna, Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergini, Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy Yslamabadyň «Naqashee Art» galereýasy bilen bilelikde gurady.

Sergide Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazananlaryny, baý taryhyny, däp-dessurlaryny we medeniýetini görkezýän suratlar ýerleşdirildi.

Bu çärä Pakistan Yslam Respublikasyndaky birnäçe diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem ýerli habar beriş serişdeleri gatnaşdy.

BMG-niň Pakistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, çäräniň hormatly myhmany Julien Harneis  we beýleki sergä gatnaşyjylar ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdiler.

Surat sergisi 18-nji dekabra çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň