Russiýanyň çäginden nebiti üstaşyr ibermeklik boýunça Türkmenistan ikinji ýerde durýar

00:3806.12.2020
0
12361

Russiýanyň çäginden nebiti üstaşyr ibermeklik  boýunça Türkmenistan ikinji ýerde durýar. Bu barada Russiýanyň ýangyç we energetik toplumynyň Merkezi dispetçer gullugy maglumat berýär.

2020-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanyň Russiýanyň çäginden üstaşyr iberen nebitiniň mukdary 2,11 million tonna boldy. Noýabr aýynda Türkmenistan Russiýanyň çäginden 160 müň tonna nebit iberdi.

Russiýanyň çäginden nebiti üstaşyr geçirmeklik boýunça Türkmenistan Gazagystandan soň ikinji ýerde durýar. 11 aýyň dowamynda Gazagystan 14,21 million tonna, Azerbaýjan  528,6 müň tonna nebit üstaşyr iberdi.

2019-njy ýylda türkmen nebitiniň Russiýadan üstaşyr geçirilmegi 2,038 million tonna boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň