Soňky habarlar

Arhiw

Ýarym finalyň jogap duşuşygynda «Şagadamdan» ýeňlendigine garamazdan, «Köpetdag» finala çykdy

18:0605.12.2020
0
1683
Ýarym finalyň jogap duşuşygynda «Şagadamdan» ýeňlendigine garamazdan, «Köpetdag» finala çykdy

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynyň Türkmenbaşy şäherinde geçirilen jogap duşuşygynda «Şagadam» «Köpetdagy» 1:0 hasabynda ýeňdi. Muňa garamazdan, birinji duşuşykda 6:1 hasabynda ýeňiş gazanan «Köpetdag» final duşuşygyna çykdy.

Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 61-nji minutda Hydyr Ýakubow geçirdi.

Şeýlelikde, gaýtadan döredilen «Köpetdag» ikinji gezek finala çykdy. Ýöne ozalky adybir topar bilen bilelikde hasaplasak, bu «Köpetdagyň» 11-nji finalydyr.

«Köpetdag» 9-njy dekabrda geçiriljek final duşuşygynda «Altyn asyr» bilen duşuşar. Topar ýeňiji bolup bilse, indiki ýyl AFK-nyň kubogynyň toparçalarynda ýaryşmaga mümkinçilik gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň