Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2020-nji ýylyň 11 aýynda JIÖ 5,8 % artdy

17:3205.12.2020
0
1864

Anna güni, 4-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow 2020-nji  ýylyň 11 aýynda jemi içerki önümiň 5,8 göterim artandygy barada Prezident Berdimuhamedowa habar berdi.

Hasabat döwründe, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4 göterim artdy.

Şol döwürde, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek-satuw haryt dolanyşygy 18 göterim artdy.

2020-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 110,4 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 89,6 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,3 göterim ýokarlandy.

Wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän edaralarynyň işini talabalaýyk guramagynyň wajypdygyny belledi. Milli Lider bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylmagy göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezip, bu mesele boýunça anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň