Soňky habarlar

Arhiw

Balkanabatda 6 sany ýaşaýyş jaýy açyldy

23:4004.12.2020
0
8450

Balkanabatda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilen dört gatly 32 jaýyň 6-sy ulanylmaga berildi. Bu ýerde esasy işleri Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň önümçilik bölümleri ýerine ýetirdiler. Täze toplumyň ýaşaýyş jaýlarynda ýokary derejeli amatlylygy üpjün edýän ähli şertler döredildi. Şolaryň her birinde iki, üç we dört otagly öýleriň 36-sy bar. Öýleriň meýdançasy, degişlilikde, 79, 101 we 119 inedördül metre barabardyr. Giň hem-de ýagty otaglaryň ýerleşdirilişi gowulandyrylyp, aşhanalar we eýwanlar ajaýyp mebeller bilen üpjün edildi. Geljekde täze ýaşaýyş toplumynda mekdep, çagalar bagy, saglyk hem-de söwda merkezleri, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen meýdançalar we durmuş düzümine degişli beýleki desgalar bina ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň