Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý howa hadysalaryna gözegçilik etmeklik üçin atmosferadaky 5,5 million inedördül kilometr meýdanda synag geçirer

17:0204.12.2020
0
1153

Hytaýyň howa hadysalaryna gözegçilik etmeklik meýilnamalarynyň çäginde atmosferadaky  5,5 million inedördül kilometr meýdanda synag geçirjekdigi mälim edildi.

Pekiniň bu meselede eden beýanynda: «Gözleg we tehnologiýa boýunça gazanylan üstünligiň kömegi bilen 2025-nji ýylda howany dolandyryp bilýän ulgama ýeteris.»  –  diýilýär.

«CNN»-iň habaryna görä, Hytaý bäş ýylda emeli ýagyş we gar sebäpli atmosferada 5,5 million inedördül kilometre ýetmekligi maksat edinýändigi üçin, 580 müň inedördül kilometr meýdany tehnologiýa bilen enjamlaşdyrar. Pekin, bu synag bilen guraklyk ýaly betbagtçylygyň öňüni alyp boljakdygyny öňe sürýär. Maksatnama tebigy betbagtçylyklara garşy göreşi güýçlendirmeklige gönükdirilendir.

Hytaýyň howa gözegçiligi programmasy täze däl. 2008-nji ýylda geçirilen Pekin Olimpiýa oýunlarynda ýagyşyň öňüni almaklyk üçin 21 ýerden kümüş ýody we dürli himiki maddalary öz içine alýan müňden gowrak bomba atyldy.

«Bulut ekişi» diýlip atlandyrylýan bu usul, bulutlar hereket meýdanyna ýetmänkä, ýagyşyň ir ýagmagyna mümkinçilik berdi.

Iň soňky ylmy-gözleglere görä, «Bulut ekişi» usuly bilen gar ýagyşlaryny köpeltmeklik mümkindir, olaryň işleýşi öň doly tassyklanmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň