Soňky habarlar

Arhiw

«OPEС+» topary ýanwar aýynda gündelik nebit önümçiligini 500 müň barrele çenli artdyrmak kararyna geldi

14:2404.12.2020
0
1254

Nebit eksport edýän ýurtlar guramasyndan – «OPEС»-den we käbir «OPEС» däl nebit öndürýän ýurtlardan ybarat bolan «OPEС+» topary ýanwar aýy üçin gündelik nebit önümçiligini 500 müň barrele çenli artdyrmak kararyna geldi.

Düýn, «OPEС+» toparyna agza 23 ýurduň energiýa we nebit ministrleriniň wideo konferensiýa arkaly geçiren 12-nji ministrler ýygnagy tamamlandy.

Duşuşykdan soň «OPEС» tarapyndan berlen beýanda «OPEС+»  ýurtlarynyň ýanwar aýy üçin nebit önümçiligini günde 500 müň barrele çenli artdyrjakdygy aýdyldy.  Şeýlelik bilen, häzirki ýagdaýda günde 7,7 million barrele çenli azalmagy meýilleşdirilen önümçilik 7,2 million barrele çenli azaldyldy.

Beýanda «OPEС+»  ýurtlarynyň ministrleriniň bazaryň ýagdaýyna baha bermeklik üçin indiki aýdan başlap her aý yzygiderli duşuşjakdyklary we önümçiligiň günde 500 müň barrelden geçmeli däldigi bellenildi.

Duşuşykdan soň eden çykyşynda Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Nowak her aýyň başynda ýygnak geçirmeklik barada ylalaşylandygyny aýtdy we indiki önümçilik şertnamasynyň ýanwar, fewral we mart aýlarynda geçiriljek ýygnaklarda kesgitlenjekdigini nygtady.

Nowak, bu ýagdaýyň aýlyk islege has ynamly we dogry jogap bermäge mümkinçilik döredýändigini düşündirdi.

«OPEС +» topary aprel aýynda gazanylan şertnama görä, 1-nji iýuldan 31-nji dekabra çenli aralykda önümçiligiň azaldylmagyny 7,7 million barrele çenli azaltmak kararyna geldi. Ýöne, bu karara laýyklykda önümçiligiň azaldylmagy epidemiýa sebäpli ýüze çykan ýagdaýyň esasynda bir aý yza süýşürildi we 1-nji awgustda  amala aşyrdy.

Ylalaşyga görä, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli azalyş mukdary günde 2 million barrele çenli azalmalydy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň