Soňky habarlar

Arhiw

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy: «2020-nji ýyl 2016-njy ýyldan soň ikinji yssy ýyl hökmünde hasaba alyndy»

11:1204.12.2020
0
1738

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy 2020-nji ýylyň güýzünde möwsümleýin kadalardan daşarda ýüze çykan guraklyk sebäpli, şu ýylyň 2016-njy ýyldan soň, ikinji yssy ýyl hökmünde hasaba alyndygyny mälim etdi.

BMG-niň Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň işgärleri bäş dürli sebitde ýazylan maglumatlaryň 2020-nji ýyldaky Global howa hasabatynda ýygnalandygyny we ýylylyk tolkunlarynyň, gurakçylygyň, tokaý ýangynlarynyň we güýçli tupanlaryň şu ýyl Ýerde ölçenen temperaturalara çuňňur täsir edendigini mälim etdiler.

Hasabatda «2020-nji ýyl 2016-njy ýyldan soň ikinji yssy ýyl hökmünde hasaba alyndy» diýilýär, şol bir wagtyň özünde hem, şu ýylda dünýäde deňiz temperaturasynyň rekord derejede ýokarlanandygy we umman suwlarynyň 80 göteriminde ýylylyk tolkunynyň bolandygy aýdylýar.

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň Baş sekretary Petteri Taalas adamzadyň uglerod zyňyndylaryny azaltmaklyk üçin has köp tagalla etmelidigini  aýtmaklyk bilen: «Gynansak-da, 2020-nji ýyl Ýeriň klimaty taýdan adatdan daşary ýyl boldy.» – diýip belledi. Ol geçen aý eden çykyşynda dünýädäki parnik gazynyň konsentrasiýasynyň 2019-njy ýylda täze rekord goýandygyny we «Covid-19»  çäklendirmeleri sebäpli 2020-nji ýylda uglerod zyňyndylarynyň azalmagyna garaşýandyklaryna garamazdan geçen ýyl bilen deňeşdirilende köpelendigini aýtdy.

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres Nýu-Ýorkdaky Kolumbiýa uniwersitetinde eden çykyşynda ýurtlaryň zyňyndy derejesini azaltmak üçin ýeterlik tagalla etmeýändigini dile getirmeklik bilen: «Dünýäniň deňagramlylygy  ýaramazlaşdy. Adamzat tebigatyň bu ýaramaz ýagdaýyna garşy göreş yglan etmeli. Tutuş ýer ýüzünde ekologiýa abadançylygynyň höküm sürmegi babatynda tagalla etmeli. Dünýä döwletleriň bu ugurdaky oňyn tagallalary birigende üstünlige ýetip bolar.» – diýip belledi.   

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy tarapyndan taýýarlanan iň soňky klimat hasabatynda ýanwar bilen oktýabr aralygynda ölçenen Ýeriň temperaturasynyň 1850-1900-nji ýyllardaky görkezijilerden 1,2 dereje ýokarydygy aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň