Soňky habarlar

Arhiw

“Form” önüm öndürijileri hyzmatdaşlyga çagyrýar

17:4103.12.2020
0
17644

“Form” önüm öndürijileri, Türkiýede öndürilen parfumeriýa, dezinfeksiýa, suwuk sabynlary, howa yslandyryjylary we başgada birnäçe önümlerini türkmen sarp edijilerine hödürleýär. Şeýle hem bu kompaniýa, Türkmenistandaky we dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky telekeçileri hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Düzüminde spirt bar bolan el arassalaýjy dezinfeksiýa önümleri häzirki wagtda has-da uly meşhurlyga eýedir. Olar diňe bir wiruslary we bakteriýalary ýok etmek bilen çäklenmän, şol sanda ellere ýakymly ys berýär, şeýle hem ownuk öý goşlaryny arassalamak üçin  ulanylýar.

“Form” markaly odekolonlar 0,5 ml-den - 5 litre çenli plastik gaplara gaplanýar. Islege görä, limonyň, lawandanyň şeýle-de zeýtunyň ysy bolan odekolonlary saýlap bilersiňiz. Bu önümlerdäki spirtiň mukdary 80 göterime deňdir.

“Form” ýaňy-ýakynda meşhur markalaryň hoşboý yslaryna meňzeýän parfýumeriýa önümlerini öndürip başlady. Erkekler we zenanlar üçin niýetlenen atyr ýygyndylary islendik islegi kanagatlandyryp biler.

“Form” önümleriniň öndürýän howa yslandyryjylarynyň düzüminde howanyň ozon gatlagyna zyýanly gazlar ýok şeýle-de sepmek aňsat we düzüminde spirt barlygy sebäpli dezinfeksiýa häsiýetleri  bar.

“Form” markasynyň ähli önümleri barada doly maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň