Soňky habarlar

Arhiw

Ronaldo 750-nji goluny geçirdi

11:3603.12.2020
0
1773

UEFA Çempionlar ligasynda toparçalardaky 5-nji duşuşyklarda “Ýuwentus” öz meýdançasynda Kiýewiň “Dinamosyndan” 3–0 üstün çykdy. Turinlilere ýeňiş getiren gollary Kieza (21), Ronaldo (57) hem-de Morata (66) derwezä girizdi. Toparyň 2-nji goluny geçiren Ronaldonyň karýerasyndaky gollarynyň sany 750-ä ýetdi. 35 ýaşly futbolçy şol 750 goluň 450-sini “Real Madridde”, 118-sini “Mançester Ýunaýtedde”, 102-sini Portugaliýanyň milli ýygyndysynda, 75-sini “Ýuwentusda” hem-de 5-sini “Sportingde” geçirdi. Galyberse-de, ol Çempionlar ligasyndaky 132-nji goluny derwezä urdy. Şol bir wagtyň özünde bu gol onuň UÇL-niň çäginde öz meýdançasynda oýnan oýunlaryndaky 71-nji goly bolup, ol Messiden 1 gol öňe saýlandy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň