Putin: «Nebite bolan isleg 5 ýyldan peseler»

16:5902.12.2020
0
1333

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin dünýädäki nebithimiýa önümlerine bolan islegiň örän möhüm ähmiýete eýedigini mälim etmeklik bilen: «Geljek 5 ýylda global nebit islegi ýylda 1 göterim ýokarlanar. Soň bolsa ýyllyk ortaça 0,1 göterim azalmaga başlar»  – diýip belledi. 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Russiýanyň Týumen sebitinde energiýa pudagynyň işgärleri bilen geçiren duşuşygynda nebit pudagynyň ösüşine  baha berdi.

Russiýanyň nebithimiýa senagatynyň çalt ösýändigini dile getiren Putin: «Russiýanyň nebit öndürijileri ýokary hilli nebit önümleri bilen diňe bir ýurtdaky zerurlyklary kanagatlandyrmaklyk bilen çäklenmän, eýsem dünýä bazarynda hem bäsleşip bilýär.»  –  diýip belledi.

Russiýanyň çig mal artykmaçlygyny dünýä bazarlarynda has köp ulanmalydygyny aýdan Putin: «Nebit-himiýa önümlerine global islegiň möhüm potensialy bar. Global isleg ýylda ortaça 4 göterim öser diýlip garaşylýar. Geljekki 5 ýylda global nebit islegi ýylda 1 göterim ýokarlanar. Soň bolsa ýyllyk ortaça 0,1 göterim azalmaga başlar.»  – diýip nygtady. 

Putin Russiýanyň nebithimiýa pudagyny ösdürmeklik üçin jemi 5 trillion rubl – takmynan, 65 milliard dollar maýa goýulmalydygyny aýtdy.

Russiýa dünýäde iň uly nebit öndürýän ýurtlaryň hataryna girýär we geçen ýyl 560 million tonna nebit öndürdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň