2020-nji ýylyň iň köp göçürilen iOS programmalary

16:2802.12.2020
0
1242

Şu ýylyň başyndan bäri “iOS” amaly ulgamly enjamlar arkaly göçürilip alnan oýunlaryň we applikasiýalaryň sanawy mälim edildi. “App Store”-dan alnan applikasiýalaryň arasynda “Zoom” ilkinji basgançagy eýeleýär. Uzakdan wideojaň arkaly köpçülikleýin habarlaşmaga mümkinçilik döredýän bu programma bolan isleg dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý sebäpli örän ýokary boldy. Oýunlaryň arasynda bolsa, “Among Us!” öňe saýlanypdyr.

Programmalaryň arasynda “TikTok” ikinji, seriýal we kino görmäge mümkinçilik berýän “Disney+” üçünji bolupdyr. Sanawyň ondan soňky orunlaryny “YouTube”, “Instagram”, “Facebook”, “Snapchat”, “Messenger” we “Gmail" ýaly belli programmalar eýeläpdir.

Oýunlaryň arasynda bolsa, “Among Us!”-dan soňra “Call of Duty: Mobile”, “Roblox”, “Subway Surfers”, “Ink Inc. – Tattoo Drawing” “Magic Tiles 3: Piano Game” we “Brain Test: Tricky Puzzles” ýaly programmalar öňdeligi eýeläpdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň