“Real Madrid” ilkinji gezek 2-nji tapgyra çykman biler

12:5202.12.2020
0
1337

UEFA Çempionlar ligasynda “B” toparçada Interi yzly-yzyna ýeňip, özüni dürsän “Real Madridiň” taryhynda ilkinji gezek 2-nji tapgyra çykmazlygy mümkin. “La Ligada” şowsuz netijeler alýan “Real Madrid” özüniň iň söýgüli ýaryşy Çempionlar ligasynda-da garaşylyşyndan pes çykyş edýär. “Real Madrid” öz meýdançasynda 3-2 utulan garşydaşyndan, ýagny “Şahtýor Doneskden” Ukrainada hem utuldy. Ramos, Hazard, Kazemiro, Walwerde ýaly oýunçylaryň çykyş etmedik oýnunda “Real Madrid” 2-0 asgyn geldi. “Real Madridiň” derwezesinden “Şahtýora” ýeňiş getiren gollary Dentinio (57) bilen Solomon (82) derwezä girizdi.

Toparçada beýleki oýunda “Inter” myhmançylykda toparçanyň lideri “Borussiýa M” toparyny 3-2 hasabynda ýeňip, 1/8 çykmak ugrunda mümkinçiligini dowam etdirdi. Duşuşykda Interiň gollaryny Matteo Darmian (17) bilen Romelu Lukaku (64, 73) derwezä girizdi. Ýer eýeleriniň 2 goluny-da Alessia Plea (45+1, 76) öz adyna ýazdyrdy.

6-njy duşuşyklarda “Real” öz meýdançasynda “Borussiýa M” toparyny, “Inter” “San Siroda”, “Şahtýor Doneski” kabul eder. 9-njy dekabrda oýnaljak bu oýunda ýer eýeleri ýeňiş gazanan ýagdaýynda “Real” bilen “Inter” ýaryşy dowam etdirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň