Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: «Altyn asyr» «Ahaly» ýeňip, finala ýakynlaşdy

18:3201.12.2020
0
2400
Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: «Altyn asyr» «Ahaly» ýeňip, finala ýakynlaşdy

Bassyr ýedinji çempionlygyny gazanan «Altyn asyr» Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşy hem ynamly dowam etdirýär. Şu gün ýarym finalyň ilkinji duşuşygynda «aragatnaşykçylar» «Ahaly» jogapsyz pökgüleriň ikisi bilen ýeňdi.

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» stadionynda geçirilen duşuşykda «Altyn asyryň» gollaryny Röwşen Halmämmedow bilen Resul Hojaýew geçirdi. «Ahaldan» Güýçmyrat Annagulyýewiň ikinji sary kartdan oýundan çykarylmagy hem duşuşygyň ýatda galyjy pursatlarynyň biri boldy.

Jogap duşuşygy 5-nji dekabrda geçiriler.

“Ahal” – “Altyn Asyr” – 0:2

Gollar: 28 Röwşen Halmämmedow, 46 Resul Hojaýew.

Duýduryşlar: 40 Mirza Beknazarow, 65 Güýçmyrat Annagulyýew – 40 Resul Hojaýew.

Meýdandan çykarylan: 86 Güýçmyrat Annagulyýew, ikinji duýduryş.

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň