Aşgabatda onlaýn görnüşinde halkara energetika forumy geçirildi

18:1801.12.2020
0
7514

Şu gün «Türkmengaz» DK-nyň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň binasynda «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara onlaýn maslahaty geçirildi.

Maslahaty «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri «Turkmen Forum» bilen hyzmatdaşlykda guraýarlar. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň saýty habar berýär.
Ählumumy pandemiýa zerarly halkara gatnawlaryna girizlen wagtlaýyn çäklendirmeleri nazara alyp, forum şol bir wagtyň özünde onlaýn görnüşde hem geçirilýär. Forum dünýäniň 33 döwletinden 59 sany kompaniýanyň wekillerini jemledi. Şolaryň ýarysy onlaýn usulda foruma gatnaşýar.
Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda  — PETRONAS, CNPC, LUKOIL, SOCAR, Dragon Oil ýaly iri energetika kompaniýalarynyň, şeýle hem onlarça abraýly halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň, şol sanda Halkara gaz bileleşiginiň, Ýewropa Energetika Hartiýasynyň, Ählumumy gaz merkeziniň, Energetika barlaglar boýunça Oksford institutynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleri bar.
Forumyň gün tertibine energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri girizildi. Plenar mejlisiň çäklerinde energetika howpsuzlygynyň we durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde transmilli turba geçirijileriniň ähmiýeti; COVID-19-dan soň, dünýä energetikasynda tebigy gazyň orny; energetika ulgamynda durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde Energetika Hartiýasynyň döwrebaplaşdyrylan şertnamasy; känleri işläp taýýarlamakda serhetara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sessiýalarda Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy — durnukly hyzmatdaşlygyň girewi; Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy; gazyň ählumumy bazarlary we ony ibermek; Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri; sebitiň energetika bazarynda TOPH taslamasynyň orny; Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde durnukly ösüşi goldamakda tebigy gazyň orny we beýlekiler maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň